Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 9-njy Maý Ýeňiş baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, beýannama berdi

1824117
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 9-njy Maý Ýeňiş baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, II Jahan urşunda gazanylan ýeňişiň bellenilip geçilýän 9-njy maý Ýeňiş baýramy bilen baglanşykly: "Şu  gün nasizme garşy Ýeňiş baýramyny belläp geçýäris we hiç kimiň ýeňişimizi anneksiýa etmegine rugsat bermeris" diýip belledi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, SSSR-yň II Jahan urşunda Nasist Germaniýanyň ýeňilişiniň 77-nji ýyly bilen bagly taýarlan wideo ýüzlenmesinde: "Gitleri garşy koalisiýanyň bir bölegi hökmünde Nasizmi ýeňen ata-babalarymyz bilen buýsanç duýarys" diýip nygtady. 

Russiýanyň Ukrainanyň 9-njy maýy we Nasizme garşy gazanylan ýeňişi belläp geçmegimizi ret etjekdigimizi tama edendigini, II Jahan urşunda millionlarça ukrainalynyň nasizme garşy söweşendigini, nasiztleri Luganskdan we Donetskden, Ýaltadan, Simferopoldan, Kerçden we bütün Krymdan kowandygyny, Herson, Melitpol, Berdýansk we Maripupoly basyp alyjylardan azat edendigini aýdan Zelenskiý: "Ata-babalarymyz nasistleri Ukrainanyň her ýerinden kowdylar, emma şol şäherlere bize ylham berýär, basyp alyjylary çürt-kesik öz topraklarymyzdan kowjakdygymyza biz ynam berýär" diýip habar berdi. 

Zelenskiý: "Bu iki goşunyň söweşi däl, bu iki dünýägaraýşyň söweşidir. Biz öz ýolumyz bilen barýan azat adamlardyrys. Hiç kime öz topraklarymyzdan bölek bermeris. Şu gün Nasizme garşy Ýeňiş baýramyny belläp geçýäris we hiç kimiň bizi ýeňişimizi anneksiýa etmegine rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Zelenskiý: "Ata-babalarymyz biziň azatlygymyz üçin söweşdiler we ýeňiş gazandylar. Biz hem azatlygymyz we çagalarymyzyň azatlygy üçin söweşýaris we şol sebäpli ýeňiş gazanarys" diýip aýan etdi. 

Zelenskiý, örän ýakyn wagtda Ukrainanyň iki Ýeňiş gününiň boljakdygyny belläp: "Şol wagt ýeňiş gazandyk we indi hem ýeňiş gazanarys. Hreçatik meýdançasynda ýeňiş bilen bagly harby ýöriş geçiriler. Ukrainanyň Ýeňiş ýörişi" diýdi



Degişli Habarlar