Germaniýa Ukraina 7 Gaubisa Berer

Bu barasynda Germaniýanyň Goranmak ministri Kristin Lambreç habar berdi.

1823143
Germaniýa Ukraina 7 Gaubisa Berer

Lambreç Slowakiýanyň Sliak şäherinde nemes esgerleri bilen geçiren duşuşygynda beren beýannamasynda, ýurdunyň “PzH2000” kysymly 7 gaubisany Ukraina bermek üçin ylalaşyk ganandygyny aýtdy.

Lambreç ukrain esgerlerine gaubisa boýunça tälim beriljekdigini nygtap, gaubisalaryn nemes goşunlarynyň inwentaryna gelmändigini, olaryň abatlanýandygyny mälim etdi.

Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen habarnamada bolsa Gollandiýanyň berjek 5 gaubisasy bilen Ukraina beriljek gaubisalaryň sanynyň 12-ä ýetjekdigi, Germaniýadaky tälimleriň bolsa geljek hepde başlajakdygy habar berildi.



Degişli Habarlar