Entoni Blinken Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini goldamak üçin ABŞ-nyň eden soňky ädimleri barada maglumat berdi

1821153
Entoni Blinken Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken ukrainaly kärdeşi Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belläp: "Russiýanyň rehimsiz söweşine garşy Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini goldamak üçin ABŞ-nyň eden soňky ädimleri barada maglumat berdim" diýip habar berdi. 

Entoni Blinken we ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, geçen hepde Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde Kuleba we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçiripdiler. 

Şol duşuşykda ABŞ-nyň Ukraina, Orta we Gündogar Ýewropa ýurtlar bilen Balkan sebitindäki beýleki 15 hyzmatdaşy bilen birlikde 713 million dollardan gowrak Daşary harby maliýe bilen üpjün etmegi meýilleşdirýändigi beýan edilipdi. 

Şol pullaryň 322 million dollarynyň gönüden Ukraina beriljekdigi habar berilipdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar