Zelenskiý G-20-niň Liderler Maslahatyna Çagyryldy

Zelenskiý, Indoneziýanyň Prezidenti Widodo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini belledi.

1819341
Zelenskiý G-20-niň Liderler Maslahatyna Çagyryldy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Indoneziýada geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna çagyrlandygyny aýtdy.

Zelenskiý, Twitterden beren habarnamasynda, Indoneziýanyň Prezidenti Widodo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini belledi.

Zelenskiý, “BMG-daky açyk tutumy we Ukriananyň bitewiligine berýän goldawlary üçin Widodo minnetdarlyk bildirdim. Azyk howpsyzlygy hakynda pikir alyşdyk. G-20-niň liderler maslahatyna çagyrlandygym üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdundan ybarat G-20-niň liderler maslahaty noýabr aýynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirler.

 



Degişli Habarlar