Russiýa: "Herson sebitinde rubl ulanylmaga başlanar" diýdi

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümlerinde ilkinji nyşanalardan biri bolan Herson sebiti, bombaly hüjümlere sezewar galypdy

1819917
Russiýa: "Herson sebitinde rubl ulanylmaga başlanar" diýdi

Russiýa Ukraina garşy başladan hüjümleriniň netijesinde aprel aýynyň başynda gözegçiligini ele geçiren Ukrainanyň Herson sebitinde öz ykdysady we sosial ýaşaýyş ulgamyna geçiş tapgyryny başlatdy. 

Ozal banky ulgamynyň durmuşsa geçirilmäge başlanan, sosial kömekleriň we söwda merkezleriniň işledilmäge başlanan sebitde bu gezek bolsa Russiýanyň milli pul birligi rubla geçiş üçin tapgyryň başladylandygy mälim edildi. 

Russiýa tarapyndan Herson sebitine bellenen ýerli dolanşygyň başlygynyň orunbasary Kirill Stremousow, Russiýanyň mediasyna beren beýanatynda sebitde mundan beýläk Ukrainanyň milli pul birligi griwnanyň ýerine rus rublyň işjeň ýagdaýda ulanyljakdygyny habar berdi. 

Stremousow: "1-nji maýdan başlap rubl zolagyna geçýäris. Häzirki wagtda rubl we griwna dolanşykda bolmaga dowam eder. Şol geçiş tapgyry 4 aýa çenli tamamlanar. Şonuň ahyrynda dolulygyna rubl töleg ulgamyna geçeris" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümlerinde ilkinji nyşanalardan biri bolan Herson sebiti, bombaly hüjümlere sezewar galypdy. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 15-nji martda berilen beýanatda, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Herson şäherinde we Herson sebitinde gözegçiligi doly ýagdaýda öz eline alandygy mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #rubl , #Herson , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar