Germaniýanyň mejlisinde Ukraina agyr ýarag ugradylmagyny öz düjüminde jemleýän karar kabul edildi

Germaniýanyň Federal mejlisinde Ukraina agyr ýaraglar ugradylmagyny öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy kabul edildi

1820018
Germaniýanyň mejlisinde Ukraina agyr ýarag ugradylmagyny öz düjüminde jemleýän karar kabul edildi

Hökümedi emele getirýän Sosial demokrat partiýasy, Ýaşyllar we erkin demokrat partiýasy tarapyndan hödürlenen kanun taslamasyny Hristian birlik partiýalary hem goldaw berdi. Kanun taslamasyna aşa sagjy Germaniýa üçin Alternatiwa partiýasy we Çepçi partiýa bolsa garşy ses berdi. 

"Ýewropadaky parahatçylygy we azatlygy goramak" atly kanun taslamasy 100 sese garşy 586 ses bilen kabul edildi, 7 deputat bolsa ses bermekden saklandy. 

Kabul edilen kanun taslamasy bilen hökümediň Ukraina agyr ýaraglar we beýleki tapawutly ýarag ulgamlaryny ugradyp bilmeginiň öňi açyldy. 

Emma ýarag üpjünçiligi NATO agza beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk içinde amala aşyrylar. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar