Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli institutda bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli ylmy-derňew institutynda geçen hepde bolan ýangynda ýogalanlaryň sanynyň 17 adama ýetendigi habar berildi

1817694
Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli institutda bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Twer şäheriniň resmileri, sebitde ýerleşýän Awiasiýa we kosmos goranyş güýçleriniň Merkezi ylmy-derňew institutynda 21-nji aprelde bolan ýangyn bilen bagly beýanat berdiler. 

Beýanatda: "Gynansagam ýangyn sebäpli ýogalanlaryň sany 17 adama ýetdi" diýip mälim edildi. 

Ýangyn sebäpli dolulygyna zyýan gören we Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli işleriň alynyp barylýan institutda, Isgender ballistik raketa ulgamlary bilen baglanşykly ylmy-derňewler geçirilýärdi. 



Degişli Habarlar