Kiýewde Ýogalan Asuda Ilatyň Sany 720 Adamdan Geçdi

Kiýewde rus esgerleriniň eden jenaýatlary bilen arabaglanşykly 3 müňden gowrak iş gozgaldy

1811422
Kiýewde Ýogalan Asuda Ilatyň Sany 720 Adamdan Geçdi

Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Kiýewde ýogalan asuda ilatyň sanynyň 720 adamdan geçendigi, 200-den gowrak adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi.

Kiýewiň Içeri işler müdüri Andreý Nebitow, Telegramdan beren habarnasynda, Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri guraýan hüjümlerinde häzire çenli Kiýewde rus esgerleriniň eden jenaýatlary bilen arabaglanşykly 3 müňden gowrak işiň gozgalandygyny mälim etdi.

Kiýewde we töwereklerinde rus hüjümleri sebäpli ýogalan asuda ilatyň sanynyň 720 adamdan geçendigini aýdan Nebitow, 200-den gowrak adamyň bolsa dereksiz ýitendigini belledi.



Degişli Habarlar