Pentagon Rus Goşunlarynyň Günatar Şäherlerine Gönükdirlýändigini Habar Berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) ýokary dereceli resmilerinden biri käbir rus harby birikmeleriniň Ukrainanyň gündogaryna hücüm etmek üçin Russiýanyň günbataryndaky şäherlere gönükdirendigini görýändiklerini aýtdy.

1809716
Pentagon Rus Goşunlarynyň Günatar Şäherlerine Gönükdirlýändigini Habar Berdi

Žurnalistlere Russiýa-Ukraina söweşi hakynda beýannama beren Pentagonuň ýokary dereceli resmisi, Kiýewiň etraplaryndan çekilen rus güýçleriniň Belarusdaky cemlenşik ýerlerine barandygyny aýtdy.

Harby resmi rus güýçleriniň bir böleginiň bolsa Russiýanyň günbatar serhedindäki Belgorod we Waluýhi şäherlerine gönükdirilendigini mälim etdi.

Russiýanyň 44 günüň dowamynda Ukraina 1500-e barabar raketa atandygyny aýdan resmi, çaknyşyklaryň günorta etraplarda möwç almaga başlandygyny beýan etdi.

Harby resmi Russiýanyň söweş üçin taýýarlan söweşceň güýcüniň 85 göterimini gorap saklaýandygyny, 15 göterime barabar ýitgi çekendigini aýtdy.



Degişli Habarlar