Lawrow Bilen Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Lawrow bilen Baýramow sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar w hakynda pikir alyşdy.

1809657
Lawrow Bilen Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lawrow bilen Baýramow telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar we Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn jarnamanyň durmuşa geçirilşi hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşan iki kärdeş, Ukraina meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Lawrow, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen bolsa paýtagt Moskwada duşuşdy.

 



Degişli Habarlar