Ukrainanyň Daşary işler ministri: "Buça şäherindäki hadysalar aýsbergiň görünýän tarapy" diýdi

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy

1807174
Ukrainanyň Daşary işler ministri: "Buça şäherindäki hadysalar aýsbergiň görünýän tarapy" diýdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Ukrainanyň goşunynyň Russiýanyň harby güýçlerinden azat eden Kiýew welaýatynyň Buça şäherindäki elhenç hadysalaryň aýsbergiň görünýän tarapydygyny, Mariupoldaky ýagdaýyň bolsa has erbetdigini mälim etdi. 

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bilen Dmitro Kuleba, Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde geçiren gepleşiklerinden soň Ukrainada başdan geçirilen soňky hadysalar bilen bagly umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Ukrainaly ministr ýurdunyň paýtagt Kiýewde ýeňiş gazansada söweşiň entegem dowam edýändigini belläp, Russiýanyň Ukrainanyň gündogarynda täze we uly göwrümli hüjüme taýarlyk görýändigini mälim etdi. 

Russiýanyň Donetskde we Luganskda has köp topragy ele geçirmäge synanyşýandygyny aýdan Kuleba: "Ganaýan Mariupoly basyp almaga synanyşýarlar. Buçada görülen wagşyçylykly hadysalar, Russiýanyň goşunynyň şu günki güne çenli Ukrainanyň topraklarynda eden ähli jenaýatlarynyň aýsbergiň görünýän tarapydyr we size ulaltmadan uly gynanç bilen aýdyp bilerin, Mariupoldaky ýagdaý Buça we Kiýewiň golaýyndaky beýleki şäherlerdäki, şäherçelerdäki we obalardaky görenleriňize garanyňda has erbet. Buça, Mariupol we beýleki ýerlerdäki elhençliklere garşy G7 we Ýewropa Bileleşigi berk sanksiýalar girizmeli" diýip belledi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Mariupol , #Buça , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar