Russiýa Ukrainanyň Buça şäheri bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Kiýew welaýatynda ýerleşýän Buça şäherinde Russiýanyň goşunynyň asuda ilaty gyrandygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny beýan etdi

1806479
Russiýa Ukrainanyň Buça şäheri bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Kiýew dolanşygy tarapyndan Buça şäherinden çap edilen suratlaryň we wideolaryň prowokasiýadygy öňe sürüldi.

Şol ýaşaýyş zolagynyň rus esgerleriň gözegçiligi astynda bolan möhletde, ýekeje hem ýaşaýyja zyýan ýetmändigi bellenen beýanatda, şol sebite ynsanperwer kömegiň paýlanandygy beýan edildi. 

Şol wagt aralygynda asuda ilatyň şäheriň içinde arkaýyn ýagdaýda hereket edip bilendikleri we ewakuasiýa bolandyklary bellenen beýanatda, ady agzalan ýerlere, şäheriň günortasyndaky zolaklary Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň bombalandygy öňe sürüldi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda Türkiyede geçirilen gepleşiklerden bir gün soň, 30-njy martda ähli Rus harby birikmeleriň Buça şäherinden dolulygyna çekilendigi bellenen beýanatda: "Mundan başgada 31-nji martda Buça şäheriniň häkimi Anatoliý Federuk wideo ýüzlenmesinde şäherde rus goşunynyň bolmandygyny tassyklady, emma köçelerde elleri daňylyp öldürilen adamlar barada aýdyp geçmedi. Şol sebäpli Buça şäherindäki ähli jenaýat subutnamalarynyň Ukrainanyň Razwedka gullugynyň işgärleriniň we Ukrainanyň telewideniýe guramasynyň wekilleriniň şähere giren 4-nji gününde ýüze çykmagy geň galdyryjy däl. Ähli bu zatlar Mariupol şäherindäki çaga dogrulýan hassahanada we beýleki şäherlerde bolşy ýaly, Buça şäherinden hem gelip gowuşan suratlaryň we wideolaryň Günbatar mediasy üçin Kiýewiň taýarlan fantastikasydygyny ret edip bolmajak ýagdaýda tassyklaýar" diýip beýan edildi. 



Degişli Habarlar