Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Rus güýçlerine degişli 1236 ulaga, 7 gämä, 76 ýangyç ulagyna we 87 uçarmansyz howa ulagyna hem uly zeper ýetirildi.

1806025
Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan rus güýçleriniň 17 müň 800 esgerini, 143 uçaryny, 134 dikuçaryny we 631 tankyny ýitirendigi habar berildi.

Ukrainanyň baş ştaby, rus güýçleriniň fewral aýynyň 24-i bilen aprel aýynyň 2-si aralygynda çeken ýitgisi hakynda maglumat berdi.

Ukraina hüjüm eden rus güýçlerinden 17 müň 800 esger öldürildi. Ruslara degişli 143 uçar, 134 dikuçar, 631 tank, 1776 sowutly ulag, 317 top, 100 raketa we 54 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Rus güýçlerine degişli 1236 ulaga, 7 gämä, 76 ýangyç ulagyna we 87 uçarmansyz howa ulagyna hem uly zeper ýetirildi.

 

 



Degişli Habarlar