Russiýa we Ukraina biri-birleriniň çeken harby ýitgileri barada beýanat berdiler

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüme başlapdy

1803138
Russiýa we Ukraina biri-birleriniň çeken harby ýitgileri barada beýanat berdiler

Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň goşunynyň 17 müň esgerini ýitirendigi mälim edildi.

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-28-nji mart aralygyndaky ýitgileri barada maglumat berdi. 

Şoňa görä Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň goşunyndan 17 müň esger öldürildi, ruslara degişli 123 uçar, 127 dikuçar, 586 taňk, 1694 sowutly ulag, 302 top, 95 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy ýok edildi. 

Russiýanyň harby güýçleri şeýle hem 1150 ulagyny, 7 gämi we ýeňil ýokary tizlikli katerini, 73 ýangyç ulagyny we 66 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem soňky 1 günde Ukrainanyň goşunyna degişli 36 harby infrastruktura desgasynyň hatardan çykarylandygyny mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, paýtagt Moskwa şäherinde beren beýanatynda, Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky harby infrastruktura desgalaryna garşy hüjümleriniň dowam edýändigini belläp: "Ukrainada günüň dowamynda harby uçarlar bilen guralan hüjümlerde 36 harby infrastruktura desgasy hatadan çykaryldy" diýip aýan etdi. 

Igor Konaşenkow, Ukrainanyň goşunyna degişli 5 harby uçaryň hem Çernobaýewka howa giňişliginiň golaýynda ýere gaçyrylandygyny beýan etdi. 

Şu günki güne çenli Ukrainanyň goşunyna degişli 308 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: "Şu günki güne çenli 1713 taňk, biri-birinden tapawutly sowutly ulaglar we 1557 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüme başlapdy. 


Etiketkalar: #ýitgi , #goşun , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar