“Prezident Erdogan Bilen Duşuşygym Netijeli Geçdi”

Mario Dragi, sapary hakynda metbugata beýannama berdi.

1801683
“Prezident Erdogan Bilen Duşuşygym Netijeli Geçdi”

Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi, Prezident R. T. Erdogan bilen geçiren duşuşygy barada “Türkiýäniň, Fransiýanyň we Italiýanyň arasyndaky toparyň ýaňadandan öz işine başlamagy hakynda karar kabul etdik. Ýakynda 3 ýurduň wekilleri hökmünde duşuşarys” diýdi.

NATO, G-7-ä we ÝB-ne agza ýurtlaryň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Mario Dragi, sapary hakynda metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini nygtan Dragi, “Türkiýäniň, Fransiýanyň we Italiýanyň arasyndaky toparyň ýaňadandan öz işine başlamagy hakynda karar kabul etdik. Ýakynda 3 ýurduň wekilleri hökmünde duşuşarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar