“Bize Dost Bolmadyk Ýurtlara Tebigy Gazy Rus Rubly Bilen Satarys”

Putin, hökümetiň agzalary bilen geçiren maslahatynda, sanksiýalaryň rus ykdysadyýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdy.

1800841
“Bize Dost Bolmadyk Ýurtlara Tebigy Gazy Rus Rubly Bilen Satarys”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, paýtagt Moskwada hökümetiň agzalary bilen geçiren maslahatynda, sanksiýalaryň rus ykdysadyýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdy.

Günbatarly ýurtlaryň, rus emlaklaryny saklamak bilen kanunlary basgylandygyny nygtan Putin, “Günbatarly ýurtlar aslyda öz pul birliklerine bolan ynama uly zeper ýetirdi”diýdi.

Putin, Russiýanyň eksportda dollar bilen ýewrony ulanmagynyň indi hiç hili manysynyň ýokdygyna ünsi çekdi.

Rus lideri “Dost bolmadyk ýurtlara tebigy gazy rus rubly bilen satmagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Putin “Russiýa ozal baglaşylan şertnamalara laýyklykda günbatarly ýurtlary gaz bilen üpjün etmäge dowam eder, diňe pul birligi meselesinde käbir üýtgetmeler giriziler” diýip belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, tebigy gazyň rus rubly bilen satylmagy etabynyň başlamagy üçin rus hökümetine we Gazproma görkezme berendigini ýatlatdy.

Rus hökümeti, Russiýa “dost bolmadyk” ýurtlaryň sanawyny 7-nji marta tassyklapdy.

Sanawda, ABŞ, ÝB-ne agza ýurtlar, Britaniýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Ukraina we Singapur ýaly Russiýa sanksiýa goýan ýene-de 15 ýurt bar.



Degişli Habarlar