Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada beýanat berdi

Ukraina Russiýanyň ýurduna garşy başladan hüjümlerinde 15 müň esgerini, 97 uçaryny, 121 dikuçaryny we 498 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1799177
Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada beýanat berdi
Kiev-deki alışveriş merkezine saldırı2.jpeg
Kiev-deki alışveriş merkezine saldırı.jpeg
62366d4fc2c57.jpg

Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-21-nji mart aralygyndaky ýitgileri barada maglumat berdi. 

Şoňa laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň goşunyndan takmynan 15 müň esger öldürildi, ruslara degişli 97 uçar, 121 dikuçar, 498 taňk, 1535 sowutly ulag, 240 top, 80 raketa ulgamy we 45 howa goranyş ulgamy ýok edildi. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 969 ulagyny, 3 ýeňil harby gaýygyny, 60 ýangyç tankerini we 24 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýurdyň paýtagty Kiýew şäherindäki söwda merkezine guran hüjüminde ýogalanlaryň sanynyň 8 adama ýetendigigini habar berdi. 

Ukrainanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, düýn gije Kiýew şäheriniň Podolskiý etrapçasynda ýerleşýän söwda merkezine guralan hüjümde uly zyýanyň ýetendigi mälim edildi. 

Russiýanyň goşunynyň gadagan bolan harby enjamlaryny ulanyp, hüjüm gurandygynyň anyklanandygy bellenen beýanatda: "Deslapky maglumatlara görä 8 adam ýogaldy. Ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany anyklanýar. Gözleg we halas ediş toparlary işlerini dowam etdirýär" diýip aýan edildi. 

Ukrainanyň Döwlet Tiz kömek gullugy, Russiýanyň goşunynyň düýn agşam Kiýew şäherindäki söwda merkezine guran hüjüminde 4 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan edipdi. 

Ukrainanyň Prezidentiniň maslahatçysy Alekseý Arestowiç bolsa Russiýanyň ähli front liniýalary boýunça duruzulandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň 25-nji güni barada beýanat beren Alekseý Arestowiç: "Russiýanyň front liniýalarynyň ählisinde duruzyldy. Rus tarapynyň şony üýtgetjek güýji galmady" diýip habar berdi.

Russiýada harby işgärlere garşy basyşlaryň başlandygyny aýdan Arestowiç, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň derňewleriniň netijesinde goşundaky serkerdeleri hem gorkaklyk we ýukaýüreklilik bilen günäkärlemäge başlandyklaryny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezident Ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşinden bäri 6 rus generalyň öldürilendigini beýan etdi.

Mihail Podolýak Twitterden beren beýanatynda: "Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli serkerdeleriniň ölüm görkezijileri ünsleri özüne çekýär" diýip habar berdi.

Rus senator Ýekaterina Altabaýewa hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Mariupoldaky çaknyşyklarda Russiýanyň Gara deňiz flotynyň serkerdesiniň orunbasary polkownik Andreý Paliýiň ölendigini beýan etdi.

Andreý Paliýiň 1992-nji ýylda Kiýewdäki Harby-deňiz syýasat mekdebinden uçurym bolandygyny, 1993-nji ýylda Ukrainanyň goşunyna girmegi ret edip Russiýanyň Demirgazyk flotyna girendigini ýatladan Altabaýewa, polkownik Paliýiň 2008-nji ýylda Gruziýadaky söweşe hem gatnaşandygyny ýatlatdy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby söweş başladypdy. 


Etiketkalar: #söweş , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar