ABŞ-nyň Prezidenti Polşa döwletine sapar gurar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli bu hepde Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatyndan soň Polşa sapar gurar

1798898
ABŞ-nyň Prezidenti Polşa döwletine sapar gurar

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ýewropa syýahadyna Polşanyň hem goşulandygyny habar berdi. 

Jo Baýden, çarşenbe güni ilki bilen Brýussele gider we penşenbe güni NATO maslahatyna gatnaşar. Baýden soň bolsa G7 maslahatyna we ondan soň Ýewropa Geňeşiniň sammitine gatnaşar. 

Jo Baýdeniň anna güni Polşanyň paýtagty Warşawa şäherine geçmegine we şenbe güni Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

ABŞ bilen Polşanyň arasynda Ukraina SSSR-den galan harby uçarlaryň ugradylmagy bilen bagly düşünişmezçilik başdan geçirilipdi, Waşington soňky gezek bolsa ady agzalan meýilnamanyň goý bolsun edilendigini mälim edipdi. 


Etiketkalar: #Ýewropa , #sapar , #Polşa , #Jo Baýden

Degişli Habarlar