ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Dumasdaky ulag çäresiniň eýýäm 16 ýyl bäri geçirilýändigi beýan edildi

1798869
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynda açyk meýdanda geçirilen çärede guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy, 24 adam ýaralandy. 

Arkanzas ştatynyň Dumas diýilýän ýerinde ulaglaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede od açylandygy habar berildi. 

Wakada 1 adamyň ýogalandygy, aralarynda çagalaryň hem bolan 24 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Arkanzas ştatynyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, waka bilen baglanşykly 1 adamyň göz tussaglygyna alynandygy we adamlara od açan bolup biljek başgada günäkär adamlaryň gözlenýändigi aýan edildi. 

Dumasdaky ulag çäresiniň eýýäm 16 ýyl bäri geçirilýändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar