Russiýa Ukrainada ýene-de gipersonik raketa ulandy

Igor Konaşenkow, operasiýanyň çäginde Hazar deňizindäki rus harby gämilerinden atylan ganatly raketalaryň ulanylandygyny aýan etdi

1798595
Russiýa Ukrainada ýene-de gipersonik raketa ulandy

Russiýanyň goşuny Ukraina degişli harby desgalaryň uzak aralykly gipersonik we ganatly raketalar bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Kinžal gipersonik raketasy bilen Nikolaýew şäheriniň golaýyndaky Konstantinowakada Ukraina degişli ýangyç ammaryna hüjüm guralandygyny mälim etdi. 

Igor Konaşenkow, operasiýanyň çäginde Hazar deňizindäki rus harby gämilerinden atylan ganatly raketalaryň ulanylandygyny aýan etdi. 

Russiýanyň goşuny düýn bolsa Kinžal gipersonik raketanyň ulanylandygyny beýan edipdi. 

Ady agzalan hüjümde Ukrainanyň goşunyna degişli ok-däri ammarynyň nyşana alynandygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar