Russiýa-Ukraina söweşinde 24-nji fewraldan bäri ilkinji kesgitlemelere görä 115 çaga ýogaldy

Ukrainanyň Harkow şäherinde Russiýanyň düýn agşam guran hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 ýaşyndaky bir çaga ýogaldy

1798638
Russiýa-Ukraina söweşinde 24-nji fewraldan bäri ilkinji kesgitlemelere görä 115 çaga ýogaldy

Ukrainanyň baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň hüjümleriniň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri şu günki güne çenli ilkinji kesgitlemelere görä 115 çaga ýogaldy, 140 çaga bolsa ýaralandy. 

Ukrainanyň Harkow şäherinde Russiýanyň düýn agşam guran hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 ýaşyndaky bir çaga ýogaldy. 

Partlamadan soň wakanyň bolan ýerine köp sanda gözleg we halas ediş toparlar gönükdirildi. 

Mariupol şäherinde bolsa takmynan 400 adamyň sygynan teatr binasyna Russiýanyň goşuny tarapyndan hüjüm guraldy. 

Mariupolyň Şäher mejlisinden berilen beýanatda, Ukrainanyň Mariupol şäheriniň Lewoberežniý etrabynda gyçybatalga hökmünde ulanylan 12 belgili teatr sungat mekdebiniň Russiýanyň goşuny tarapyndan bombalanandygy mälim edildi. 

Beýanatda içinde 400-e golaý zenanyň, çaganyň we garry adamlaryň bolan binanyň ýumrulandygy aýan edildi. 

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan 847 adam ýogaldy, 1 müň 399 adam ýaralandy, hüjümleriň netijesinde 3 million 328 müň 692 adam goňşy ýurtlara geçdi. 

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainadaky bosgun krizisi bilen baglanşykly biri-birinden tapawutly habar çeşmelerden ýygnalan maglumatlar paýlaşyldy. 

Şoňa laýyklykda 24-nji fewral-18-nji mart aralygynda ýarsyndan gowragy Polşa bolmak bilen Ukrainadan jemi 3 million 328 müň 692 adamyň goňşy ýurtlara göçendigi habar berildi. 

Ukrainalylaryň goňşy ýurtlardan iň köp Polşa (2 million 10 müň 693 adam), Rumyniýa (518 müň 269 adam) we Moldawiýa (359 müň 56 adam) geçendigi bellenen beýanatda, Donetsk we Lugansk sebitlerinden bolsa 18-23-nji fewral aralygynda 50 müň adamyň Russiýa geçendigi aýan edildi. 

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi Twitterden beren beýanatynda: "Ukrainadaky söweş şolar ýaly elhenç welin, 10 million adam ýa ýurdyň içinde başga bir ýere göçdi ýa-da başga ýurtlara bosgun hökmünde göçdi" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, soňky 24 sagatda Russiýanyň goşunynyň 10 aýry hüjüminiň üstünlikli ýagdaýda yzyna serpikdirilendigi mälim edildi. 

Soňky 24 sagatda Russiýanyň goşunyna degişli 13 sowutly ulagynyň, 8 taňkynyň, 7 sowutly pyýada ulagynyň we 10 ýük ulagynyň ýok edilendigi habar berilen beýanatda, düýn başdan geçirilen çaknyşyklarda bolsa 100-den gowrak rus esgeriniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-20-nji mart aralygyndaky ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumata laýyklykda Ukraina hüjüm guran Russiýanyň goşunyndan 14 müň 700 esger öldürildi, ruslara degişli 96 uçar, 118 dikuçar, 476 taňk, 1 müň 487 sowutly ulag, 230 top, 74 raketa ulgamy we 44 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Russiýanyň goşuny şeýle hem 947 ulag, 3 gaýyk, 60 ýangyç tanker we 21 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk bolsa beren beýanatynda, Russiýanyň goşuny bilen söweşleriň dowam edýän Ukrainanyň tapawutly sebitlerinde soňky 24 sagatda 10 ynsanperwer koridoryň 8-siniň işledilendigini beýan etdi. 

Şol koridorlaryň üsti bilen ewakuasiýa işleriniň amala aşyrylandygyny aýdan Wereşýuk: "Şu gün 8 ynsanperwer koridordan 6 müň 623 adamy ewakuasiýa etdik" diýip belledi. 

Irina Wereşýuk şu gün Mariupol, Berwitsa, Buça, Bogdanowka, Lisiçansk, Sewerodonetsk, Rubežnoye we Popasna ýaly ýaşaýyş ýerlerindäki ynsanperwer koridorlaryň işledilendigini belläp, Borodýankadaky we Hersondaky ynsanperwer koridorlaryň bolsa Russiýanyň goşuny tarapyndan böwet bolunandygyny habar berdi. 

Wereşýuk mundan başgada ýurtda Russiýanyň goşunyndan 562 rus harby ýesiriň bardygyny aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň milli demir ýol kärhanasy "Ukrzaliznytsia"-nyň başlygy Aleksandr Kamişin, Russiýanyň goşunyny  harby enjam bilen üpjün etmek üçin ulanylýan Belarussiýa demir ýollar bilen ýurdunyň arasyndaky demir ýol arabaglanşygynyň bes edilendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Goranmak ministrligi Azow deňizi bilen aragatnaşygyň wagtlaýyn häsýetde ýitirilendigini aýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #çaga , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar