Finlýandiýanyň Prezidenti ýurdunyň NATO agzalygy bilen bagly beýanat berdi

Şwesiýa hem NATO agza bolmagy pikir etmeýändiklerini beýan edipdi

1798648
Finlýandiýanyň Prezidenti ýurdunyň NATO agzalygy bilen bagly beýanat berdi

Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo, ýurdunyň NATO-nyň düzümine girmeginiň Ýewropadaky howpsuzlyk ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirjekdigini we bar bolan dartgynlyk riskini has hem artdyrjakdygyny habar berdi. 

Finlýandiýanyň NATO-nyň düzümine girmeginden soň ähli aladalaryň ortadan aýyrlmajakdygyny aýdan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo: "Onuň döredip biljek tapawutly riskleri görmäge mejburdyrys. Finlýandiýanyň NATO agza bolan halatyndaky iň uly howp, Ýewropadaky bar bolan dartgynlyk riskini artdyryp biler" diýip belledi. 

Finlýandýanyň döwlet telewideniýesi YLE tarapyndan çap edilen raýat sowalnamasyna görä, Finlýandiýanyň halkynyň 62 göterimi ýurtlarynyň NATO agza bolmagyny goldaýar.  

Şwesiýa hem NATO agza bolmagy pikir etmeýändiklerini beýan edipdi. 

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson 8-nji martda beren beýanatynda, ýurdunyň NATO agzalygyny Ýewropadaky howpsuzlyk ýagdaýyny bozjakdygyny we şol sebäpli NATO agza bolmagy häzirlikçe pikir etmeýändiklerini habar beripdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň beren beýanatynda: "Şwesiýa we Finlýandiýa NATO agza bolan halatynda Russiýa tarapyndan degişli jogaplar beriler. Russiýa şol kararlara jogap berer" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar