Ukraina Russiýanyň Zäherli Maddalar Bilen Bagly Habarlaryň Hakykaty Beýan Etmeýändigini Habar Berdi

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugyndan (SBU) berilen beýannamada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň “zäherli maddalar bilen meçew berici aksiýa” guramaga taýýarlanýandygy hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigi nygtalýar.

1797285
Ukraina Russiýanyň Zäherli Maddalar Bilen Bagly Habarlaryň Hakykaty Beýan Etmeýändigini Habar Berdi

SBU, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň habarlarynyň hakykata bap gelmeýandigini, onuň ünsleri öz harby cenaýatlaryndan başga tarapa sowmak maksatly we “galpdygyny” mälim etdi.

Beýannamada; “SBU-nyň teoriýada hem bolsa zäherli maddalar bilen meçew berici aksiýa guramacakdygyny resmi taýdan bellik edýäris. Sebäbi basyp alycuylaryň usullary bilen hereket etmeýäris. Biziň borcumyz Ukrainamny goramak. Ony hem bütin halk bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrýarys” diýilýär.

Meçew berme bilen bagly aýyplamalaryň rus basyp alycuylarynyň Donesk welýatynyň Mariupol etrabynyň golaýynda asuda ilatyň ewakuasiýa kerwenine od açmagy we ýüzlerçe adamyň sygynan teatr binasynyň bombalanmagyndan soň ýüze çykandygyna ünsi çekilýän beýannamada; “Şeýlelikde basyp alycylaryň şeýle beýannamalaryň ünsleri bir harby cenaýatdan başga tarapa sowmak üçin synanşykdan ybaratdygy äşgär. Emma galplyklar asuda ilatyň gyrylmagyny we rus raketalary hem-de bombalary bilen ýumrulan Mariupoldaky gumanitar pacyganyň üstüni ýapmaz” diýilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi mundan ozak SBU-nyň zäherli maddalar bilen meçew berici aksiýa guramak üçin taýýarlyk görýändigini öňe sürüpdi.

 



Degişli Habarlar