Baýden: "Putin harby jenaýatçy" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin barada harbu jenaýatçy sözlerini ulandy

1797016
Baýden: "Putin harby jenaýatçy" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Baýden metbugat işgärleriniň biriniň: "Gören ençeme zadyňyzdan soň Putini harby jenaýatçy hökmünde häsýetlendirmäge taýarmysyňyz?" soragyna, ilki bilen "Ýok" diýip jogap berip zaldan çykdy. 

Emma soň zala gaýdyp gelen Baýden, Putin barada "Ol harby jenaýatçy" diýip nygtady. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Jo Baýdeniň beýanatyna jogap berdi. 

Peskow, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ABŞ-nyň dünýä derejesinde bombalary bilen ýüz müňlerçe adamy öldürendigini belläp: "ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň bular ýaly görnüşli beýanatlaryny kabul etmeýäris we aklap bolmajak hökmünde garaýarys" diýip belledi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başlatdy. 



Degişli Habarlar