ABD we 5 Ýurt BMG-nin Howpsuzlyk Geňeşiniň Maslahat Geçirmäge Çagyrdy
ABŞ we ýene-de 5 ýurt Russiýanyň Ukrainada “harby jenaýat” işleýändigi sebäpli BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini maslahata çagyrdy.
1797148
Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekilhanasynyň Twitter hasabyndan berilen habarnamada; “Britaniýa, ABŞ, Fransiýa, İrlandiýa, Norwegiýa we Albaniýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Ukraina meselesi boýunça maslahata çagyrdy” diýilýär.
Habarnamada; “Russiýa harby jenaýat işleýär we asuda ilaty nyşana alýar. Russiýanyň bikanun söweşi ählimize wehim salýar” diýilýär.
BMG-niň beýan etmegine görä Russiýanyň Ukraina yglan eden söweşinde häzirki wagta çenli asuda ilatdan 726 adam pida boldy, 1174 adam ýaralandy.
Hüjümlerden soň 3,1 million adam bosgun bolup, goňşy ýurtlara gaçdy.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.