NATO-nyň Goranmak Ministrleri Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşarlar

NATO-nyň goranmak ministrleri Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Ukraina meselesi boýunça nobatdan daşary maslahat geçirer.

1796475
NATO-nyň Goranmak Ministrleri Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşarlar

Ministrleriň maslahatynyň birinji bölüminde NATO agza ýurtlaryň ýanynda Ukraina, Gruziýa, Şwesiýa we Finlandiýa bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk boýunça ýokary Wekili Žozep Borrell hem gatnaşar.

Türkiýe wagty boýunça sagat 15:30-da bosla NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahaty guralar we gelejek hepde geçiriljek NATO-nyň liderler Sammitine görülýän taýýarlyklary seljererler.

Maslahatda Türkiýä Milli goranmak ministri Hulusi Akar wekilçilik eder.

NATO, Russiýa-Ukraina söweşiniň alýansyň çäklerine tutaşmazlygy üçin degişli çäreleri görmegi nazarda tutýar.



Degişli Habarlar