Bolgariýa Söweşden Gaçan Ukrainaly 20 Müň Çaga Bilim Bermäge Taýar

Bilim ministri Nikolaý Denkow, Bolgariýanyň bilim ulgamynyň uly mümkinçilige eýedigini nygtady.

1795496
Bolgariýa Söweşden Gaçan Ukrainaly 20 Müň Çaga Bilim Bermäge Taýar

Bolgariýa, söweşden gaçan ukrainaly 20 müň  çaga bilim almak üçin mümkinçilik döretjekdigini mälim etdi.

Bolgariýanyň Bilim ministri Nikolaý Denkow, hususy telewideniýe kanalynda eden çykyşynda Bolgariýanyň bilim ulgamynyň uly mümkinçilige eýedigini nygtady.

Häzire çenli Ukrainadan Bolgariýa gelen bosgunlaryň 12 müňiniň 18 ýaşyna ýetmediklerden ybaratdygyny ýatladan Denkow, mekdeplerde 20 müňe golaý ukrainaly çaga bilim bermek üçin mümkinçiligiň bardygyny ýatlatdy.

Ministr Denkow, Ukrainadan gelen çagalara goşmaça bolgar dilini hem öwredip biljekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar