Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy

Oolisiýa merkezine, sinagoga we iki buthana guralan ýaragly hüjüm guraldy

2155059
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy

Russiýanyň Dagystan sebitinde polisiýa merkezine, sinagoga we iki buthana guralan ýaragly hüjümde 6 polis bilen 1 ruhany ýogaldy, 4 hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, düýn Türkiýe wagty bilen 18.00 töweregi şahsyýeti näbelli adamlaryň Mahaçkalada polis merkezine we Derbentde iki buthana bilen 1 sinagoga hüjüm edendikleri nygtaldy.

Hüjümde 6 polisiň ýogalandygy, 12 polisiň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ýaragly hüjümde 1 ruhanynyň hem ýogalandygy bellenildi.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada hem 4 hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar