Ukrainanyň Günbatary Şu Gün Irden Partlama Sesleri Bilen Oýandy

Rus güýçleri Lwow we Iwano Frankowsk şäherlerini bombalady

1794509
Ukrainanyň Günbatary Şu Gün Irden Partlama Sesleri Bilen Oýandy
ukrayna afp
Ukrayna Irpin ve Bucha Tahliye1.jpg
Ukrayna Irpin ve Bucha Tahliye.jpg
ukrayna afp

 

Rus güýçleri Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän Lwow we Iwano Frankowsk şäherlerini bombalady.

Ukrainanyň günbatary şu gün irden partlama sesleri bilen oýandy.

Lwowyň şäheriniň häkimi Andriý Sadowi, şäheriň günbataryna 8 raketanyň atylandygyny habar berdi.

Şäheriň günbataryndaky Ýaworiw etraby Polşadan 25 kilometr alysda ýerleşýär.

Iwano Frankowsk şäheriniň häkimi Ruslan Martsinkiw hem şäheriň golaýyndaky howa menziliniň rus güýçleri tarapyndan nyşana alynandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän şäherlerde, ýurduň gündogaryndaky çaknyşyklardan gaçan köp sanly asuda ilat bar.



Degişli Habarlar