Taraplar Russiýa-Ukraina söweşinde biri-birleriniň ýitgileri barada maglumat berdiler

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýanyň goşunynyň Mariupol şäherine garşy başladan hüjümlerinde, 12 günde asuda ilatdan 1582 adamyň ýogalandygyny habar berdi

1794265
Taraplar Russiýa-Ukraina söweşinde biri-birleriniň ýitgileri barada maglumat berdiler

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Twitter hasabyndan Ukrainanyň Mariupol şäherindäki ýagdaý bilen bagly beýanat berdi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň Mariupol şäheriniň daşyny gabandygyny we ol ýerde ýaşaýan asuda ilaty bombalaýandygyny aýdan Kuleba: "Daşy gabalan Mariupol şäherinde häzirki wagtda dünýädäki iň erbet ynsanperwer apat başdan geçirilýär. 12 günde asuda ilatdan 1582 adam ýogaldy. Ýogalan adamlar köpçülikleýin mazarlara jaýlanýar" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň şähere ýetirilmek islenýän ynsanperwer kömeklere böwet bolýandygyny aýdan Kuleba, onuň duruzylmagy üçin uçarlara zerurlyklaryň bardygyny aýan etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa öz gezeginde Ukrainada jemi 3 müň 346 harby infrastrukturanyň ýok edilendigini beýan etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Russiýanyň Ýaragly güýçleri bilen Donbassdaky separartist toparlaryň Ukrainada öňe gidişlik etmäge dowam edýändigini belläp, ol ýerlerdäki käbir ýaşaýyş ýerleriniň gözegçilik astyna alynandygyny belledi. 

Ukrainada hatardan çykarylan ýaraglar bilen bagly maglumat beren Konaşankow: "Operasiýanyň başyndan bäri Ukrainanyň 3 müň 346 harby infrastrukturasy hatardan çykaryldy. 121 uçarmansyz howa ulagy, 1067 taňk we tapawutly sowutly ulaglar, 114 köp nilli raketa ulgamy, 412 gaubisa we minomýot, 862 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip belledi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainada söweşiň başlamagyndan bäri çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlerinden takmynan 2 million 600 müň adamyň rus edaralaryna ewakuasiýa üçin ýüz tutandygyny, şolaryň 50 müňi çaga bolmak bilen jemi 223 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini beýan etdi. 

Izýum we Lozowa şäherlerinden ewakuasiýa tapgyrynyň Ukraina tarapyndan öňüniň alynandygy öňe sürüldi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar