Russiýa-Ukraina Söweşi Sebäpli 2 Million 155 Müň 271 Bosgun Goňşy Ýurtlara Geçdi

Söweş dowam eden halatynda 4 million adam Ukraina terk edip biler

1792675
Russiýa-Ukraina Söweşi Sebäpli 2 Million 155 Müň 271 Bosgun Goňşy Ýurtlara Geçdi
ukrayna (8).jpg
ukrayna (7).jpg
ukrayna (6).jpg
ukrayna (5).jpg

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygyndan berlen beýannamada, Ukrainadaky bosgun krizisi hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, fewral aýynyň 24-i bilen mart aýynyň 8-i aralygynda esasy bölegi Polşa bolmak bilen 2 million 155 müň 271 bosgunyň Ukrainadan goňşy ýurtlara geçendigi nygtaldy.

Beýannamada Polşa 1 million 294 müň

Wengriýa 203 müň 222

Slowakiýa 153 müň 303

Ruminiýa 85 müň 444

Russiýa 99 müň 300

Moldowa 82 müň 762

Belarusa 592 we beýleki Ýewropa ýurtlaryna bolsa 183 müň 688 bosgunyň geçendigi nygtaldy.

Fewral aýynyň 18-23-i aralygynda Donesk we Lugansk sebitlerinden 96 müň adamyň hem Russiýa geçendigi bellenildi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy söweş dowam eden halatynda 4 million adamyň Ukraina terk edip biljekdigi barada duýduryş berdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 


Etiketkalar: #BMG , #Russiýa , #Ukraina , #bosgun

Degişli Habarlar