Ukrainada Rus Hüjümleri Sebäpli Ýogalanlaryň we Ýaralananlaryň Sany Artýar

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç Ukrainada ýogalan asuda ilatyň sanynyň 406 adama ýetendigini nygtady.

1791515
Ukrainada Rus Hüjümleri Sebäpli Ýogalanlaryň we Ýaralananlaryň Sany Artýar

Ukrainada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän rus hüjümlerinde 1207 adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy habar berildi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç gündelik metbugat ýygnagynda, Russiýanyň hüjümlerinde Ukrainada ýogalan asuda ilatyň sanynyň 406 adama ýetendigini nygtady.

Ukrainada 24-nji fewraldan bäri ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň 1207 adama ýetendigini nygtan Dužarriç, ýurdy terk edenleriň sanynyň bolsa 1 million 700 müň adamdan geçendigini belledi.

Dužarriç hüjümler sebäpli 9 hassahana bilen tiz kömek ulagyna zeper ýetirlendigini nygtady.



Degişli Habarlar