Şwesiýa tarapyndan ugradylan harby enjamlar Ukraina bardy

Şwesiýanyň Baş ştabynyň başlygy Maýkl Baýden ugradan harby enjamlarynyň Ukraina baryp ýetendigini mälim etdi

1791123
Şwesiýa tarapyndan ugradylan harby enjamlar Ukraina bardy

Ýurdunyň döwlet telewideniýe kanaly SVT-e beýanat beren Baýden, Ukraina ozal ugratjakdyklaryny beýan eden 5 müň sany AT4 taňka garşy ýaragyň, 5 müň sany polat gursakçanyň, 5 müň sany kaskanyň we 135 müň esgere ýetjek derejede taýar azyk önümiň ugradylan ýerine barandygyny beýan etdi. 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bolsa Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň goşuny üçin ugradylan 50 million dollar pulyň hem ýerine barandygyny mälim etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar