Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Benet Russiýada we Germaniýada saparda boldy

Russiýanyň Prezidenti Putin Ysraýylyň Premýer ministri Beneti kabul etdi

1790536
Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Benet Russiýada we Germaniýada saparda boldy
bennett putin.jpg
bennett-scholz.jpg

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin ýurduna sapar guran Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Beneti kabul etdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, geçirilýän duşuşyk barada beren beýanatynda: "Ukrainanyň töweregindäki ýagdaý maslahatlaşylýar" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Benet Putin bilen geçiren duşuşygyndan soň Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde kärdeşi Olaf Şols bilen duşuşyk geçirdi.

Germaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestraýt geçirilen duşuşyk barada beren ýazmaça beýanatynda, güntertipde Benetiň Putin bilen Moskwada geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň bolandygy mälim edildi.

Şolsyň we Benetiň bu meselede ýakyn aragatnaşyk içinde bolmak barada karara gelendiklerini aýdan Şteffen Hebestraýt: "Umumy maksat Ukrainadaky söweşi mümkin boldugy saýyn iň gysga wagtda bitirmekdir. Ähli güýjümiz bilen şonuň üstünde işleýäris" diýip beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başlatdy. 

 

 

 



Degişli Habarlar