Ysraýyl, Ukraina 100 Tonna Ynsanperwer Kömegini Berer

100 tonnalyk ynsanperwer kömeginiň şu gün Tel Awiwdäki Ben Gurion howa menzilinden ýola çykjakdygy nygtaldy.

1787937
Ysraýyl, Ukraina 100 Tonna Ynsanperwer Kömegini Berer

Ysraýyl, Ukraina 100 tonna ynsanperwer kömegini berjekdigini habar berdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, 100 tonnalyk ynsanperwer kömeginiň şu gün Tel Awiwdäki Ben Gurion howa menzilinden ýola çykjakdygy nygtaldy.

Beýannamada, Ukrainadaky asuda ilat üçin beriljek ynsanperwer kömeginiň 17 tonnalyk lukmançylyk enjamlaryndan, çadyrdan, ýorgandan we gyşlyk egin eşiklerden ybaratdygy bellenildi.

Ady agzalýan kömegiň şu hepde Polşanyň üsti bilen Ukraina gowşuryljakdygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar