NATO, Ukraina Millionlarça Ýewrolyk Kömek Berdi

NATO Ukraina millionlarça ýewrolyk maliýe we ynsanperwer kömegini berdi

1786598
NATO, Ukraina Millionlarça Ýewrolyk Kömek Berdi

 

NATO, Ukraina müňlerçe zenit raketasyny, ýüzlerçe goran goranyş raketasyny we müňlerçe ýeňil ýarag kömegini berdi.

NATO-dan berlen ýazmaça beýannamada, gurama agza ýurtlaryň mundan başgada Ukrainanyň ýaragly güýçlerine ýardam bermek üçin lukmançylyk enjamlary kömegi bilen birlikde millionlarça ýewrolyk maliýe we ynsanperwer kömegini berendigi nygtaldy.

Beýannamada, Belgiýa, Kanada, Çeh Respublikasy, Estoniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Latwiýa, Litwa, Gollandiýa, Portugtaliýa, Ruminiýa, Sloweniýa, Slowakiýa we Britaniýa bilen ABŞ-nyň Ukraina ýarag we harby enjam kömegini berendigi nygtaldy.

Beýannamada, Albaniýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Daniýa, Wengriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Ruminiýa, Sloweniýa, Slowakiýa, Ispaniýa, Britaniýa we ABŞ-nyň Ukrainaly bosgunlara ynsanperwer kömegini bermegi teklip edendigi we serhetlerini açandygy, Horwatiýa we Polşa bilen Ruminiýanyň bolsa bosgunlary kabul etmäge başlandygy bellenildi.

Beýannamada “Türkiýe hem Ukraina ynsanperwer kömegini bermegi teklip etdi” diýildi.



Degişli Habarlar