Zelenskiý Russiýa Goýlan Sanksiýalaryň Artdyrylmagyny Isledi

Wladimir Zelenskiý “Russiýa goýlan sanksiýalar we Ukraina berilýän goranyş kömegi artdyrylmaly” diýdi.

1785442
Zelenskiý Russiýa Goýlan Sanksiýalaryň Artdyrylmagyny Isledi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Finlandiýanyň Prezidenti Sauili Niinistö bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kärdeşine harby hüjüm hakynda maglumat berendigini aýdan Zelenskiý, beren 50 million dollarlyk kömegi üçin Finlandiýa sagbolsun aýtdy.

Wladimir Zelenskiý “Russiýa goýlan sanksiýalar we Ukraina berilýän goranyş kömegi artdyrylmaly” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Zelenskiý, Russiýa edilýän basyşyň artydyrlmagyny isleýändiklerini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ÝB Komissiýasynyň başlygyna ýurduna beriljek goşmaça maliýe kömegi üçin sagbolsun aýdýandyklaryny nygtady.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýaşyna garamazdan asuda ilata ýurduny goramaklary üçin söweşmekleri barada çagyryş berdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda “Asuda ilaty söweşe çagyryşýarys” diýildi.



Degişli Habarlar