“Russiýa Gepleşikler Üçin Belarusa Wekiliýet Ugratmaga Taýar”

Peskow, Russiýanyň Ukraina bilen gepleşik geçirmek üçin Belarusyň paýtagty Minske wekiliýet ugratmaga taýardygyny aýtdy.

1785582
“Russiýa Gepleşikler Üçin Belarusa Wekiliýet Ugratmaga Taýar”

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukraina bilen gepleşik geçirmek üçin Belarusyň paýtagty Minske wekiliýet ugratmaga taýardygyny aýtdy.

Peskow, Putiniň Ukraina guraýan harby hüjümiň seperatist dolanşyklara goldaw bermegi, Ukrainany faşizmden halas etmegi we ekstremistlerden saplamagy maksat edinýändigini ýatlatdy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ukrainanyň Prezideti Zelenskiniň teklibine jogap hökmünde Putin, “Ukraina bilen gepleşik geçirmek üçin Goranmak we Daşary işler ministrliginin ýolbaşçylaryndan ybarat resmi wekiliýeti Minske ugratmaga taýar” diýip belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Russiýa bilen bitaraplyk statusyny ara alyp maslahatlaşmakdan gorkmaýandyklaryny aýdypdy we Putine “adam pidalarynyň bes edilmegi üçin gepleşik stoluna oturalyň” diýip ýüzlenipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar