Ukraina: "Ýeňiş gazanarys" diýdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba, özlerini gorajakdyklaryny we ýeňiş gazanjakdyklaryny habar berdi

1784183
Ukraina: "Ýeňiş gazanarys" diýdi

Dmytro Kuleba: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukraina garşy giň gerimli söweş başlatdy. Ukrainanyň parahatçylykly şäherlerinde hüjümler dowam edýär. Ukraina özüni gorar we ýeňiş gazanar. Dünýä Putini duruzyp biler, duruzmalydyr. Işe girişmegiň wagty geldi" diýip nygtady. 

Beýleki tarapdan Wladimir Putiniň Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby operasiýa başladandyklaryny aýtmagyndan soň, ýurdyň paýtagty Kiýew başda bolmak bilen biri-birinden tapawutly şäherlerde partlamanyň sesleri eşidilýär.  

Kiýew bilen birlikde Harkow, Kramatorsk, Mariupol, Mykolaiw, Odessa şäherlerinde yzyly-yzyna partlamalar boldy. Resmiler şol sesleriň raketalaryň partlamagy netijesinde bolandygyny habar berdiler. 

Donbass sebitinde ýerleşýän Kramatorsk şäheriniň üstünde bolsa harby uçarlaryň sesleri eşidilýär. 

Hüjümlerde niräniň nyşana alynandygy we hüjümlerde adam pidalarynyň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi. 

Rus esgerleriň separatistleriň sebitinden öte geçip-geçmändigi barada beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar