Ukraina: "Russiýanyň guran hüjüminde 8 adam ýogaldy" diýip habar berdi

Ukraina Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde 8 adamyň ýogalandygyny habar berdi

1784220
Ukraina: "Russiýanyň guran hüjüminde 8 adam ýogaldy" diýip habar berdi

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde 8 adamyň ýogalandygy, 9 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri bolsa Lugansk sebitinde Russiýa degişli 5 uçar bilen 1 dikuçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygyny habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda bolsa Ukrainanyň Rus uçaryny od açypy ýere gaçyrandygy baradaky habarynyň nädogrydygy beýan edildi. 

Ministrlik Ukrainadaky howa goranyş ulgamlarynyň, harby howa bazalarynyň we Harby-howa güýçleriniň ýokary takyk ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy başladylan harby operasiýanyň ýurtdaky asuda ilata garşy howp abandyrmaýandygy öňe sürülip: "Ukrainadaky howa goranyş ulgamlary, harby howa bazalary we Harby-howa güýçleri ýokary takyk ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip beýan edildi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby operasiýa başladandyklaryny habar beripdi. 


Etiketkalar: #adam , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar