Polşa Ukrainaly Bosgunlar Üçin Taýarlyk Görýär

Polşa-Ukraina serhedinde ýörite kabul ediş merkezleri açyldy

1784749
Polşa Ukrainaly Bosgunlar Üçin Taýarlyk Görýär

 

Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümlerinden gaçan ukrainaly bosgunlar üçin Polşa-Ukraina serhedinde ýörite kabul ediş merkezleri açyldy.

Polşanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Pawel Szerfernaker, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Lubelskiýe we Podkarpaçkiýe welaýatlarynda bosgunlar üçin kabul ediş merkezlerini açmaga başlandyklaryny aýtdy.

Ilkinji etapda açyljak 8 merkezde bosgunlaryň kabul ediljekdigini, bosgunlara azyk we lukmançylyk kömeginiň beriljekdigini belledi.

Polşanyň Içeri işler ministriniň orunbasary, ukrainaly bosgunlar üçin internediň elýeterli ýagdaýa getiljekdigi nygtady.

Ozal NATO-nyň gündogar ganadynyň güýçlendirilmegi barada çagyryş beren Polşanyň Premýer-ministri Moraweski, Ukrainanyň diňe özleriniň garaşsyzlygy üçin däl eýsem şol bir wagtda Ýewropanyň geljegi üçin söweşýändigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň hüjümlerinden gaçan ukrainaly ilkinji bosgunlar Polşa serhedini geçdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Polşa , #bosgun

Degişli Habarlar