Russiýa Ukrainadaky diplomatlaryny ýurtdan çykarar

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, ýakyn wagtda Ukrainadaky diplomatik işgärleriň ewakuasiýa ediljekdigini habar berdi

1783446
Russiýa Ukrainadaky diplomatlaryny ýurtdan çykarar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň Kiýew şäherindäki ilçihanasy bilen birlikde Odessa, Lwow we Harkow şäherlerindäki konsullyklaryň 2014-nji ýyldan bäri ençeme gezek hüjüme sezewar galandygy öňe sürüldi.

Hüjümler sebäpli rus diplomatlaryň, ilçihananyň we konsullyk işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ewakuasiýa edilmek barada karar kabul edilendigi bellenen beýanatda: "Russiýanyň hökümedi ýakyn wagtda Ukrainadaky diplomatik işgärleriň ewakuasiýa edilmegi barada karar kabul etdi" diýip habar berildi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň dolanşyklaryny ykrar edýän karara gol çekipdi, Russiýanyň Ýaragly güýçleri bolsa Donetsk we Lugansk Halk Respublikalarynda parahatçylygyň ýoly goýulmagy barada buýruk beripdi. 



Degişli Habarlar