ABŞ-nyň Razwedka gullugy: "Çozmak barada buýruk berildi"

ABŞ-nyň razwedka gullugynyň elinde, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Russiýanyň goşunynyň serkerdelerine Ukraina çozmak barada buýruk berendigi öňe sürüldi

1782015
ABŞ-nyň Razwedka gullugy: "Çozmak barada buýruk berildi"

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň artýan günlerinde, ABŞ-nyň razwedkasy täsin bir öňe sürme orta atdy. 

Washington Post gazedi bilen CNN telewideniýesiniň ABŞ-nyň resmilerine esaslanyp beren habarynda, ABŞ-nyň razwedka gullugynyň elinde, Putiniň Ukraina çozuş başlatmak barada beren buýrugyny, goşunyň serkerdelerine ugradandygy öňe sürüldi. 

Habarlarda bu maglumatyň Waşingtona geçen hepde gelip ýetendigi we ýurdyň Prezidenti Jo Baýden bilen Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň şol maglumata esaslanyp, Putiniň Ukrainany basyp aljakdygy bilen bagly beýanat berendikleri öňe sürüldi. 

Şol maglumatyň Russiýa tarapyndan dolulugyna ýalňyşdyrmak maksady bilen öňe sürülen hem bolup biljekdigi mälim edildi. 

Baýden anna güni beren beýanatynda Wladimir Putiniň Ukrainany basy almaga karar berendigine ynanandygyny we Russiýanyň goşunynyň Kiýewi basyp alyp biljekdigini habar beripdi. 

Blinken bolsa ýekşenbe güni CNN telewideniýe kanalyna baglanyp, Russiýanyň sebitdäki işjeňligini hakyky bir basyp alyşlygyň başlangyjy hökmünde häsýetlendirdi. 

Beýleki tarapdan Ak Tam Prezident Jo Baýdeniň, Moskwanyň Ukraina garşy harby göçüm etmezlik şerti bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bilen duşuşmagy prinsipde kabul edendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar