Liderler, Ukraina-Russiýa Dartgynlygy Meslesinde Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Baýden bilen Makron telefon arkaly söhbetdşelik geçirdi.

1779400
Liderler, Ukraina-Russiýa Dartgynlygy Meslesinde Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukraina-Russiýa dartgynlygy meselesinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, Baýden bilen Makron telefon arkaly söhbetdşelik geçirdi.

Russiýaly we Ukrainaly hyzmatdaşlary bilen soňky döwürde geçirlen gepleşikleri ara alyp maslahatlaşan Baýden bilen Makron, Ukraina meselesinde ýene-de bir gezek diplomatiýa çagyryşyny berdi.

Baýden bilen Makron, Russiýanyň Ukraina serhedine esger ornaşdyrmaga dowam etmegine garşy hyzmatdaşlary bilen birlikde hereket edýändiklerini we meselaniň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýändiklerini belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon söhbetdeşliginde şeýle hem NATO-nyň gündogar ganadynyň güýçlendirilmegi we Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda ykdysady taýdan agyr sanksiýalaryň goýulmagy hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar