NATO: "Russiýanyň Ukraina serhedindäki güýçlerini azaldandygy barada alamat görmedik" diýdi

Stoltenberg ertir başlajak we 2 gün dowam etjek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan ozal beýannama berdi

1779218
NATO: "Russiýanyň Ukraina serhedindäki güýçlerini azaldandygy barada alamat görmedik" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň käbir harby birikmeleriniň yzyna dolanyp barandygy baradaky beýanatdan soň eden çykyşynda  Russiýanyň Ukraina serhedindäki güýçlerini azaldandygy barada alamat görmändiklerini habar berdi. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg ertir başlajak we 2 gün dowam etjek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan ozal beýannama berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň harby türgenleşikleriň çäginde wezipelesini tamamlan käbir harby birikmeleriň degişli bolan garnizonlaryna gaýdyp barmaga başlandyklary baradaky beýanatyny ýatladan Stoltenberg: "Häzirki wagta çenli meýdanda hiç hili azalyş görmedik. Russiýanyň Ukraina serhedindäki güýçlerini azaldandygy barada hiç hili alamat görmedik" diýip mälim etdi. 

Geçen ýylyň ýaz aýyndan bäri meýdanda hereket edýän harby güýçleri görýändiklerini, şol herekediň hakyky bir dartgynlygy azaltmagy alamatlandyrmaýandygyny aýdan Stoltenberg, Russiýanyň harby birikmelerini yzyna çeksede harby enjamlaryny yzynda goýup gidip bilýändigini we onuň üstüni tiz wagtda ýetirip bolýandygyny beýan etdi. 

Stoltenberg: "Biziň görmek isleýänimiz harby birikmeleriň yzyna çekilmegi we şol wagtyň özünde agyr harby enjamlaryň goýulyp gidilmezligidir" dýiip belledi. 



Degişli Habarlar