Rus Harby Gämileri Türgenleşik Üçin Garadeňize Bardy

Türgenleşiklere 140 gämi bilen birlikde 60 howa ulagynyň we 10 müň hrby gäminiň gatnaşjakdygy bellenilipdi.

1777461
Rus Harby Gämileri Türgenleşik Üçin Garadeňize Bardy

Russiýanyň Goranmak ministrligi, 30-dan gowrak harby gäminiň harby türgenleşik üçin Garadeňize barandygyny habar berdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “30-dan gowrak harby gämi Siwastopol we Noworossiýsk portlaryndan harby türgenleşige gatnaşmak üçin Garadeňize bardy”diýildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 20-njy ýanwarda berlen beýannamada, rus flodynyň ýanwar we fewral aýlarynda yzygiderli harby türgenleşik geçirjekdigi nygtalypdy.

Ady agzalýan türgenleşiklere 140 gämi bilen birlikde 60 howa ulagynyň we 10 müň esgeriň gatnaşjakdygy bellenilipdi.



Degişli Habarlar