“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilen Halatynda Söweş Başlar”

Fransiýanyň Prezidenti Makron Moskwada saparda boldy

1775005
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilen Halatynda Söweş Başlar”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “Russiýanyň howpsyzlyk kepillikleri we Ukraina krizisi” hakynda pikir alyşdy.

Putin bilen Makron Kremlde duşuşdy. Iki lider 5 sagat dowam eden duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Putin, NATO-nyň gündogara tarap giňelmezligi, 1997-nji ýyldaky serhetlerine dolanmagy we Russiýanyň serhedine ýarag ornaşdyrylmazlygy tekliplerine ABŞ bilen NATO-nyň biperwaý garaýandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň NATO tarap däl eýsem NATO-nyň Russiýa tarap gelýändigini nygtan Putin, şol sebäpli hem ýurdunyň hüjüm ediji syýasat alyp barýandygyny öňe sürmegiň ýerliksizdigini belledi.

Putin, rus esgerleriniň öz ýurdundaky hereketiniň goňşy ýurtlar üçin howply bolmandygy nygtady.

Rus lideri, Ukraina NATO agzalyga kabul edilen halatynda söweşiň başlajakdygyny belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa, Russiýa bilen Ýewropanyň howpsyzlyk kepilleri meselesinde birlikde işleşmelidigini aýtdy.

Makron, Russiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň haos islemeýändigini nygtady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar