Ysraýylyň Premýer ministri ABŞ-nyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennet ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

1774309
Ysraýylyň Premýer ministri ABŞ-nyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ysraýylyň Premýer ministrliginiň Metbugat ofisinden berilen ýazmaça beýanata görä, Bennet Siriýada geçen hepde terror guramasy DAIŞ-iň lideri bolan Abu Ibrahim al Haşimi al Kureýşiniň öldürilmegi sebäpli, Baýdeni gutlady. 

Bennet we Baýden telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Eýranyň ýadro programmasynyň öňüniň alynmagy bilen bagly ädimler başda bolmak bilen sebitleýin meseleleri we Russiýa-Ukraina krizisini ele alandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Premýer ministr Bennet Demir Gupba başda bolmak bilen ABŞ-nyň Ysraýyla berýän egsilmez goldawlary sebäpli Prezident Baýdene we bütin ABŞ-nyň hökümedine minnetdarlyk bildirdi" diýip aýan edildi. 

Bennetiň telefon söhbetdeşliginde Baýdeni we aýalyny Ysraýyla sapar guramaga çagyrandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar