“Russiýa Esgerlerini Ukraina Serhedinden Çekmeli”

Zelenskiý bilen Jonson duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1772102
“Russiýa Esgerlerini Ukraina Serhedinden Çekmeli”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň esgerlerini ýurdunyň serhedinden çekmelidigini nygtady.

Zelenskiý sapar bilen ýurduna gelen Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen paýtagt Kiýewde duşuşdy.

Zelenskiý bilen Jonson duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ukrainanyň gündogary meselesi hakynda durup geçen Zelenskiý, ylalaşyklara laýyklykda jogapkärçilikli hereket edýändiklerini belledi.

Russiýa bilen ady agzalýan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşi meselesinde garaýyş tapawutlylygynyň bardygyna ünsi çeken Zelenskiý “ Ylalaşyklaryň käbir maddalary meni biynjalyk edýär. Minsk ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirliş düzgünine başgaça çemeleşýäris emma territoriamyzyň basyp alyşlykdan halas bolmagy we ýurdumyň bitewiliginiň goralyp saklanmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.

Donbasda dartgynlygyň möwjemegi ähtimallygy barada hem durup geçen Zelenkiý “Ukrainanyň güýçli goşuny bolmaly. Bu meselede diňe özümize ynanmaly we ähli senarilere taýar bolmalydyrys” diýdi.

Russiýanyň Ukraina serhedinde 100 müňe golaý esgeriniň bardygyny nygtan Zelenskiý “Russiýanyň esgerlerini serhedimizden çekmegine garaşýarys. Bu biziň üçin diýseň möhüm, şol bir wagtda hem Russiýanyň dartgynlygy möwjedip möwjetmejekdigi hakyndaky soraga beriljek ýeke-täk jogap” diýip belledi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem, Russiýanyň egilşik etmeginiň we diplomatiýany saýlap almagynyň möhümdigini belledi.

Jonson, Britaniýanyň, Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyna garşy hemişe bolşy ýaly Ukrainanyň bitewiligine goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar