Russiýanyň Ukrainanyň üsti bilen amala aşyrýan gaz eksporty iki esse artdy

Russiýanyň energetika kärhanasy Gazpromyň, Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa ugradýan tebigy gazynyň mukdaryny 2 esse artdyrandygy habar berildi

1771647
Russiýanyň Ukrainanyň üsti bilen amala aşyrýan gaz eksporty iki esse artdy

Slowakiýanyň tebigy gaz üpjünçilik kärhanasy Eustream kärhanasynyň berýän maglumatyna görä, Ukraina serhedindäki Welke Kapusany nokadynyň üstinden Slowakiýa ugradylan rus gazynyň mukdary artdy. 

Düýn Ukrainanyň üstaşyr Slowakiýa gündelik 48,4 million kub metr tebigy gaz eksport edilen bolsa, şu gün ady agzalan liniýadan 80 million kub metr tebigy gaz eksport ediler. 

Russiýa Ukrainanyň üsti bilen Polşa ugradýan tebigy gaz eksportyny bolsa 19-njy ýanwarda togtadypdy. 



Degişli Habarlar